Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. Hudaýymyz Reb ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly--jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy. Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi, ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi. Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär. ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
Выбор основного перевода