Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden meniň haýsyny boşatmagymy isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar hem: «Barabbasy» diýip jogap berdiler. «Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy. Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy. Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy. Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi. Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar. Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.
Выбор основного перевода