Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler. Ertesi gün ýahudylaryň ýolbaşçylary, ýaşululary we Töwrat mugallymlary Iýerusalime ýygnandylar. ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal--erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady. Men bu ýamanlygy Iýerusalimde etdim hem. Ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndana dykdym. Olar ölüme höküm edilende, muny iki elläp goldadym. Günleriň bir güni şu maksat bilen ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýarnama we tabşyryk alyp, Damaska tarap ýola düşdüm.
Выбор основного перевода