Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.
Hany, tur, aýak üstüne gal. Men seni hyzmatkärim hem şaýadym edip saýlamak üçin saňa göründim. Sen öz gören we Meniň görkezjek zatlaryma şaýatlyk edersiň.