Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar. Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi. Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar. Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň. Eger kimdir biri sünnetlikä çagyrylan bolsa, goý, sünnetliligini sünnetsizlige öwürjek bolup azara galmasyn. Eger kimdir biri sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenjek bolmasyn. Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir. Ýahudylary gazanjak bolup, olar üçin ýahudy boldum. Men Mukaddes Kanunyň guly bolmasam-da, Mukaddes Kanuna görä ýaşaýanlary gazanjak bolup, Mukaddes Kanunyň guly boldum. Olar bolsa ýanymdaky Titusy, hatda onuň grekdigine-de garamazdan, ony sünnetlenmäge mejbur etmediler.
Выбор основного перевода