Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy. Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin? Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar. Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar. Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz. Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.
Выбор основного перевода