Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy. Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun! Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi. Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!
Выбор основного перевода