Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy. Ol ajykdy we bir zatlar iýesi geldi. Nahar taýýarlanýarka, oňa bir görnüş aýan boldy. Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi. Onuň içinde ýer ýüzünde ýaşaýan her dürli dört aýakly haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy. Bir ses oňa: «Petrus! Tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi. Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi. Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň halal diýen zatlaryna sen haram diýmegin» diýdi. Bu üç gezek gaýtalandy-da, saçak göz-açyp ýumasy salymda göge alyndy. Petrus bu görnüşiň nämedigine geň galyp durka, ine, Korneliniň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa geldiler. Olar gygyryp: «Petrus lakamly Simun diýen myhman şu ýerdemi?» diýip soradylar. Petrus henizem bu görnüş barada oýlanyp otyrka, Mukaddes Ruh oňa: «Ine, üç adam seni gözläp ýör. Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git. Olary Men ýolladym» diýdi. Petrus adamlaryň ýanyna gelip: «Gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi. Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler. Petrus olary öýe çagyryp myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafoly doganlaryň-da käbiri onuň bilen gitdi. Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Korneliý hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny üýşürip, olara garaşyp otyrdy. Petrus öýe girende, Korneliý onuň öňünden çykdy-da, aýagyna ýykylyp, oňa tagzym etdi. Emma Petrus oňa: «Tur ýeriňden! Men hem seniň ýaly bir ynsan» diýdi. Petrus onuň bilen gürrüňleşip, içeri girende, köp adamlaryň ýygnanandygyny gördi. Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi. Şonuň üçin hem çagyrylanymda, ikirjiňlenmän gaýtdym. Indi meni näme üçin çagyrandygyňyzy sorap bilerinmi?» diýdi. Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa: „Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy. Indi Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyrt. Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr“ diýdi. Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk». Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim. Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir. Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi. Ýahýa suwa çümdüriliş barada wagyz etmäge başlandan soňra, Jelileden başlap, bütin Ýahudyýada bolan wakalardan habaryňyz bardyr. Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi. Biz Onuň Ýahudyýada, Iýerusalimde bitiren işleriniň baryna şaýatdyrys. Ony haça çüýläp öldürdiler, emma Hudaý üçülenji gün Isany direltdi. Ol Isany hemmelere däl-de, diňe bize görner ýaly etdi. Sebäbi Hudaý bizi Isa hakda şaýatlyk etmegimiz üçin saýlady. Ol direlenden soň, biz Onuň bilen bile naharlandyk. Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy. Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar». Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi. Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar, sebäbi olaryň nämälim dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişlerini gördüler. Şonda Petrus: «Edil biziň ýaly, bu adamlar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler. Indi bulary suwa çümdürilmegini kim gadagan edip biler?» diýdi. Onsoň Petrus olaryň Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdürilmegini buýurdy. Soňra olar Petrusdan ýene birnäçe gün ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler.
Выбор основного перевода