Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi. Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler. Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar». Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.
Выбор основного перевода