Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim. Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi. Soňra men onuň sesiniň owazyny eşitdim. Geplände onuň sesini eşidip, huşumdan gitdim we ýere ýüzin ýykyldym. Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr. Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar. Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar». Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener. Zekarýa ony görüp, özüni ýitirdi, ony gorky gaplady. Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň. Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.
Выбор основного перевода