Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady. Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün hiç bir şikessiz tokly taýýarlaň; ony her gün ertirine hödür ediň. Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr. Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler. Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir. Ol ata-babalarynyň hudaýlaryna, hatda aýallaryň iň söýgüli hudaýyna hem hormat goýmaz. Ol hiç bir hudaýy sylamaz, ol özüni hemme zatdan ýokarda saýar. Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.
Выбор основного перевода