Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Reb oňa: «Howsala düşme, rahatlan! Gorkma, sen ölmersiň!» diýdi. Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün: Ol maňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Meniň saňa aýtjak sözlerime gulak goý. Tur, aýaga gal, çünki men seniň ýanyňa iberildim» diýdi. Ol bu sözleri aýdanda, men titräp ýerimden galdym. Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim. Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.
Выбор основного перевода