Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Şol günler men Danyýel üç hepdeläp ýas tutdum. Üç hepde doly tamamlanýança, tagamly nahar iýmedim. Agzyma ne et, ne şerap degdi, bedenime hem hiç hili ýag çalmadym. Soňra ol maňa şeýle gürrüň berdi: «Meniň näme üçin seniň ýanyňa gelendigimi bilýärsiňmi? Indi men pars serdary bilen söweşmäge yzyma dolanmaly. Men gidenimden soň, Gresiýanyň serdary geler. Emma men saňa hakykat kitabynda näme ýazylanyny aýan edeýin. Maňa olara garşy söweşmäge serdaryňyz Mikaýyldan başga hiç kim goldaw bermedi. «Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar. Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi. Onsoň gökde uruş başlandy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen olara garşy uruşdy.
Выбор основного перевода