Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi. Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy. Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi. Ol mätäçleri gylyçdan, güýçlüleriň dilinden hem elinden halas edýär. Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, adalatsyzlyk agzyny ýumýar. Olary ýesir edenleriň kalbyna olar babatda rehim-şepagat saldy. Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.
Выбор основного перевода