Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür. Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň. Meniň aýdyşym ýaly, Hudaý faraona Öz etjek zadyny görkezipdir. Bütin Müsür topragynda ýedi ýyl bolelinlik bolar. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin. Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et». Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr. Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak. Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi. Patyşa olara: «Men bir düýş gördüm. Düýşüň ýorgudyny bilmek islegi ýüregimi howsala salýar» diýdi. Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy. Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly: Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi. Men bir düýş gördüm, ol meni gaty gorkuzdy. Ýatyrkam hyýallarym we gören görnüşlerim meni howsala saldy. Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler. Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi. Patyşa Belşasaryň patyşalygynyň üçünji ýylynda men Danyýel öňki görenimden başga ýene bir görnüş gördüm. Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer. Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.
Выбор основного перевода