Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar. Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar». Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar. Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler. Şondan soň ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy.
Выбор основного перевода