Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup faraonyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi. «Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar. Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy. Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz. Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.
Выбор основного перевода