Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi. Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler. Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar. Bir ýaş ýigit ylgap gelip, Musa: «Eldat bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edýär» diýdi. Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi. Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi. Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar. Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.
Выбор основного перевода