Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy. Makyryň ogly, Manaşanyň agtygy, Ýusubyň çowlugy bolan Gilgadyň nesilleriniň urugbaşylary öňe çykyp, Musanyň, ýolbaşçylaryň we ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň öňünde şeýle diýdiler: «Reb ýurdy bije atyp, mülk hökmünde ysraýyllara paýlap ber diýip, agamyz Musa emr etdi. Doganymyz Selophadyň mülküni onuň gyzlaryna bermegi hem Reb agamyza buýurdy. Eger Selophadyň gyzlary Ysraýylyň başga tiresinden bolanlara durmuşa çyksalar, onda olaryň mülki biziň mülkümizden aýrylyp, baran ärleriniň tiresine goşular. Şeýdip, bijede biziň mülk paýymyz kemeler. Ysraýyllaryň baýram ýyly gelende bolsa, gyzlaryň mülki ärleriniň tiresiniň mülküne goşular. Şeýlelikde, olaryň mülki biziň tirämiziň mülkünden alnar». Onsoň Musa Rebbiň emri boýunça ysraýyllara şeýle buýurdy: «Ýusubyň tiresiniň nesilleriniň diýýäni dogrudyr. Selophadyň gyzlary hakda Reb şeýle diýdi: „Olar islän adamsyna durmuşa çykyp bilerler, ýöne olaryň barjak kişileri öz tirelerinden bolsun. Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler. Islendik ysraýyl tiresinden mülk alan gyz, öz tiresinden bolan kişä durmuşa çyksyn. Şonda her bir ysraýylly öz atalarynyň mülküne müdimilik eýelik edip biler. Hiç bir mülk bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ysraýyl tireleriniň her biri öz mülküne eýelik etsin“». Selophadyň gyzlary Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler. Onuň gyzlary Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga öz kakasynyň doganlarynyň ogullaryna durmuşa çykdylar. Manaşanyň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selophadyň ogul perzendi ýokdy. Onuň diňe bäş gyzy bolup, olaryň atlary şulardyr: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa.
Выбор основного перевода