Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi. Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler. Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi. Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi.
Выбор основного перевода