Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz. Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler. Biziň üçin Pegoryň kanuny bozany azmy näme? Çünki ol Rebbiň jemagatyna gyrgyn keselini getirdi. Biz entekler hem ondan tämizlenip bilemzok. Elbetde, ýok! Men butparazlaryň berýän gurbanlygyny Hudaýa däl-de, arwah-jynlara berýändigini aýtjak bolýaryn. Men siziň jynlara şärik bolmagyňyzy islemeýärin.
Выбор основного перевода