Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy. Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa; şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat; ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep; ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal; efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa; benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty; zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel; ýusup tiresinden, ýagny manaşa tiresinden Susynyň ogly Gady; dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel; aşer tiresinden Mikaýylyň ogly Setur; naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby; gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal. Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler. Emma şonda-da olaryň köpüsi Hudaýy närazy etdiler. Şonuň üçin-de olaryň läşleri çölde serlip galdy. Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi. Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.
Выбор основного перевода