Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz. Siz hatda Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy. Sebäbi olar Hudaýa iman etmedi, Onuň halas ediş güýjüne bil baglamady. Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy, gökleriň gapylaryny açyp goýberdi. Olar gözel ýurdy äsgermediler, Onuň beren sözüne ynanmadylar. Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler.
Выбор основного перевода