Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. Rebbiň buýrugy şudur: her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer ýygyp alarsyňyz» diýdi. Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady. Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken. Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy.
Выбор основного перевода