Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi. Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler. Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar. Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler. Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder. Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady. „Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz. Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne, Öz Ruhumy dökerin. Olar-da pygamberlik ederler.
Выбор основного перевода