Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi. Ysraýyl halky bu wagt Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşelge gurupdy. Musa bilen Elgazar ysraýyllara Rebbiň Musa buýruşy ýaly: «Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hasabyny alyň» diýdiler. Müsürden çykyp gelen ysraýyllaryň sanawy şulardyr: Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden: Hanogyň neslinden hanoklar urugy, Palluwyň neslinden pallular urugy, Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Karmynyň neslinden karmylar urugy. Bularyň bary rubenleriň uruglarydyr, olar kyrk üç müň ýedi ýüz otuz adam boldy. Palluwyň ogullaryndan Eliýap. Eliýabyň neslinden: Nemuwal, Datan we Abyram. Bular şol halkyň içinden saýlanan, Rebbe boýun egmän, Musa bilen Harunyň garşysyna gozgalaň turzan Koranyň toparyna goşulan Datan bilen Abyramdyr. Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar. Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar. Uruglaryna görä Şimgon ogullary şulardyr: Nemuwalyň neslinden nemuwallar urugy, Ýamynyň neslinden ýamynlar urugy, Ýakiniň neslinden ýakinler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy, Şawulyň neslinden şawullar urugy. Şimgon uruglary şulardan ybaratdyr, olar ýigrimi iki müň iki ýüz adamdyr. Uruglaryna görä Gat ogullary şulardyr: Seponyň neslinden seponlar urugy, Hagynyň neslinden hagylar urugy, Şunynyň neslinden şunylar urugy, Oznynyň neslinden oznylar urugy, Eriniň neslinden eriler urugy, Arodyň neslinden arotlar urugy, Areliniň neslinden areliler urugy. Gat uruglary şulardyr, olar kyrk müň bäş ýüz adamdyr. Ýahudanyň ogullary: Er we Onan. Olaryň ikisi hem Kengan topragynda öldüler. Uruglaryna görä Ýahudanyň ogullary şulardyr: Şelanyň neslinden şelalar urugy, Peresiň neslinden peresler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy. Peres ogullaryndan bolanlar şulardyr: Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Hamulyň neslinden hamullar urugy. Ýahudanyň uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany ýetmiş alty müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ysakaryň ogullary şulardyr: Tolanyň neslinden tolalar urugy, Puwanyň neslinden punylar urugy, Ýaşubyň neslinden ýaşuplar urugy, Şimronyň neslinden şimronlar urugy. Ysakar uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş dört müň üç ýüz kişidir. Uruglaryna görä Zebulun ogullary şulardyr: Saradyň neslinden saratlar urugy, Eýlonyň neslinden eýlonlar urugy, Ýahleýeliň neslinden ýahleýeller urugy. Zebulun uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ýusubyň ogullary: Manaşa bilen Efraýym. Manaşanyň ogullary: Makyryň neslinden makyrlar urugy. Makyr Gilgadyň atasydy, Gilgadyň neslinden gilgatlar urugy. Gilgadyň ogullaryndan bolanlar: Igezeriň neslinden igezerler urugy, Helegiň neslinden helekler urugy, Asryýeliň neslinden asryýeller urugy, Şekemiň neslinden şekemler urugy, Şemidanyň neslinden şemidalar urugy, Heperiň neslinden heperler urugy. Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy. Manaşa uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany elli iki müň ýedi ýüz kişidir. Uruglaryna görä Efraýymyň neslinden döränler şulardyr: Şutelanyň neslinden şutelalar urugy, Bekeriň neslinden bekerler urugy, Tahanyň neslinden tahanlar urugy. Bular Şutelanyň neslinden döränlerdir: Eranyň neslinden eranlar urugy. Efraýym uruglary şulardyr, olaryň adam sany otuz iki müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ýusubyň nesilleri şulardy. Uruglaryna görä Benýaminiň ogullary şulardyr: Balanyň neslinden balalar urugy, Aşbeliň neslinden aşbeller urugy, Ahyramyň neslinden ahyramlar urugy, Şefufamyň neslinden şufamlar urugy, Hupamyň neslinden hupamlar urugy. Balanyň Art we Nagaman atly ogullary bardy: Artyň neslinden artlar urugy, Nagamanyň neslinden nagamanlar urugy. Uruglaryna görä Benýaminiň nesilleri şulardy, olaryň adam sany kyrk bäş müň alty ýüz kişidir. Uruglaryna görä Danyň ogullaryndan bolanlar şulardy: Şuhamyň neslinden şuhamlar urugy. Bular Dan uruglarydy. Şuham uruglarynyň hemmesiniň jemi altmyş dört müň dört ýüz adamdy. Uruglaryna görä Aşer ogullaryndan döränler şulardy: Ýimnanyň neslinden ýimnalar urugy, Ýişwiniň neslinden ýişwiler urugy, Beriganyň neslinden berigalar urugy. Beriganyň ogullaryndan: Heberiň neslinden heberler urugy, Malkyýeliň neslinden malkyýeller urugy. Aşeriň gyzynyň ady Serady. Bular aşer uruglarydy, olaryň adam sany elli üç müň dört ýüz kişidir. Uruglaryna görä Naftalynyň ogullaryndan döränler: Ýahseýeliň neslinden ýahseýel urugy, Gunynyň neslinden gunylar urugy, Ýezeriň neslinden ýezerler urugy, Şillemiň neslinden şillemler urugy. Bular naftaly uruglarydy, olaryň adam sany kyrk bäş müň dört ýüz kişidir. Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy. Uruglaryna görä lewileriň sanawy: Gerşonyň neslinden gerşonlar urugy, Kohadyň neslinden kohatlar urugy, Merarynyň neslinden merarylar urugy. Bular hem Lewi uruglarydyr: libniler urugy, hebronlar urugy, mahlylar urugy, muşylar urugy, koralar urugy. Kohat Imranyň atasydy. Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy. Harunyň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler. Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi. Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi. Patyşa Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Dandan Beýerşeba çenli ysraýyl tireleriniň ählisine aýlanyp, olary hasaba alyň, maňa ilatyň sany gerek» diýdi. Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Goý, şa hezretlerimiň gözüniň alnynda Hudaýyň Reb halkyňyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Ýöne şa hezretlerine beýle etmek nämä gerek bolduka?!» diýdi. Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan hem-de goşunbaşylardan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap bilen goşunbaşylar ysraýyl halkynyň hasabyny almak üçin patyşanyň ýanyndan ugradylar. Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler. Olar Gilgada we hetleriň ýurdy bolan Kadeşe bardylar. Soňra Danýagana, ol ýerden bolsa Sidonyň töwereklerine bardylar. Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler. Şeýdip, olar bütin ýurdy aýlanyp, dokuz aý ýigrimi gün diýlende Iýerusalime dolanyp geldiler. Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy. «Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez. Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.
Выбор основного перевода