Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler. Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin. «Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur. Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy. Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi. Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.
Выбор основного перевода