Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady. Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. Men Müsürde galla bar diýip eşitdim. Aç ölesiňiz gelmeýän bolsa gidiň-de, galla satyn alyp geliň» diýdi. Oglunyň ýanymyzda ýokdugyny görse, ol jan berer. Şeýdip, biz garry atamyzy ölüler dünýäsine hasrat bilen ibereris.
Выбор основного перевода