Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki üýtgeşik donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar. Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki üýtgeşik donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar. Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar. Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlygymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?! Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar. Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp, azap duzagyna düşürilen bolsalar, Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny olara aýan etmegi üçindir. Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin». Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
Выбор основного перевода