Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy. Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi. Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi. Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar. Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy. Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar. Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança, Onuň sözi Ýusuby synap barlady. Olary ýesir edenleriň kalbyna olar babatda rehim-şepagat saldy. Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi. Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.
Выбор основного перевода