Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar, ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär: «Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim. Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym, gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym. Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym. Düşegime hoşboý ysly mür, ahalot hem dalçyn sepdim. Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak, aýşy-eşretden lezzet alaly. Çünki ärim öýde ýok; ol uzak ýola gitdi. Ýanyna kümüşli horjunyny aldy. Aý dolýança, öýe dolanmaz». Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär, süýji dili bilen ýigidi yrýar. Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär. Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär. Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň, aýtjak sözüme üns beriň. Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn, onuň ýodalarynda azaşmaň.
Выбор основного перевода