Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy. Şobalyň ogullary: Alýan, Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana. Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran, Eşban, Ýytran we Keran. Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan. Dişanyň ogullary: Us we Aran. On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler. Şeýle hem Segirde horylar ýaşaýardylar, emma Ysawyň nesilleri olary kowup çykardylar. Ysraýyllaryň Rebbiň mülk beren ýerinde edişleri ýaly, Ysawyň nesilleri-de olary ýok edip, ýerlerinde özleri ornaşdylar.) Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.
Выбор основного перевода