Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi. Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, amalekleriň size näme edendigini ýadyňyza salyň. Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar. Şonuň üçin hem, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip beren ýerinde ýaşanyňyzda – Hudaýyňyz Reb size ähli duşmanlaryňyzyň elinden parahatçylyk alyp berende, amalekleri hiç kim ýatlamaz ýaly, olaryň adyny asmanyň astyndan ýok edip taşlamagy ýatdan çykarmaň. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular. Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».
Выбор основного перевода