Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy. Sen bolsa uzak ýaşarsyň, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Ybraýym we onuň aýaly Sara, Yshak we onuň aýaly Rebeka hem şol gowakda jaýlandylar. Men Leýany hem şol ýerde jaýladym.
Выбор основного перевода