Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Efrata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Efrata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym». Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar. Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun! Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr. „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».
Выбор основного перевода