Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi. Nälet bolsun olaryň gahar--gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr, nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr, men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn, men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn. ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ýok edilmeli zatlardan ogurlan adam görkezilip, tutuş maşgalasy, ähli emlägi özi bilen birlikde oda ýakylsyn, sebäbi ol Rebbiň ähtini bozdy we Ysraýylyň arasynda masgaraçylykly iş etdi“». Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler. Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme! Bolan işi eşidende, Dawut patyşanyň juda gahary geldi.
Выбор основного перевода