Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy. Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy. Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy. Şimgon we Lewi dogandyr bular, gylyçlaryny zalymlyk etmek üçin ulanýandyr olar, gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, goşulmaýyn men olaryň toparyna, çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, keýpihonlykda öküzleri maýyp--müjrüp etdiler olar. Nälet bolsun olaryň gahar--gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr, nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr, men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn, men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn.
Выбор основного перевода