Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin». Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi. Men Beýtel Hudaýydyryn. Sen ol ýerde bir dikme daşyň üstüne zeýtun ýagyny guýupdyň we ant içipdiň. Indi sen bu ýurtdan git-de, öz dogduk mekanyňa dolan» diýdi. Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».
Выбор основного перевода