Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy. Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy. Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler. Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi. Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“» Gidegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy. Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi. Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».
Выбор основного перевода