Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin Onuň bilen ýüzbe- -ýüz bolmakdan eýmenýän, pikir edenimde, Ondan gorkýaryn. Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň! Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň, pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň. Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň. Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň. Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň, Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň. Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok. Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?! Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar! Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam, hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär. Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin, meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin». Seniň üçin tümlük garaňky däldir! Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr, Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir. Eýsem Men diňe ýakyndaky Hudaýmy? Uzakdaky Hudaý dälmi? Muny Reb aýdýandyr. Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода