Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men Sarany ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär» diýdi. Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, uýamyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!» Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!» Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň». Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr. Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi. emma Ysawy ret etdim. Onuň daglaryny weýran etdim, mülküni çöl şagallaryna berdim». Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy.
Выбор основного перевода