Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybraýymyň hyzmatkäri heniz dileg edip otyrka, Rebeka egni küýzeli galadan çykyp gelýärdi. Ol Ybraýymyň inisi Nahor we onuň aýaly Milkanyň ogly Betuweliň gyzydy. Rebeka Ybraýymyň hyzmatkärine suw bereninden soň: «Men siziň düýeleriňizi-de ganýança suwa ýakaryn» diýdi. Gyz oňa: «Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn. Rebekanyň Laban diýen erkek dogany bardy. Laban öz gyz dogany Rebekanyň burun halkasyny, bilegindäki bileziklerini görüp, Rebekadan ol adamyň nämeler diýenini eşidip, guýa tarap ylgady. Ol guýynyň başyna gelende, ýaňky adam heniz hem düýeleriniň ýanynda durdy. Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi.
Выбор основного перевода