Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr? Hudaý akýüreklini terk etmez, pislik edýäne ýardam bermez. Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň, heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi? Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken! Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!» Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler. Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler. Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä? Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?!
Выбор основного перевода