Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär. Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi». Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: onuň özi-de, gyzlary-da tekepbirdiler, olarda bol nan we doly rahatlyk bardy, emma olar garyby we mätäji goldamady. Olar özlerine guwandylar we Meniň gözümiň alnynda nejis işler etdiler. Şonuň üçin hem muny görenimde, olary öňümden süpürip taşladym. Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.
Выбор основного перевода