Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. «Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi. Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!» Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr, Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr; ömürboýy bize ýol görkezjek Oldur. Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.
Выбор основного перевода