Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň. Soňra Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşyp, bu ähtiň nyşany hökmünde sünneti berdi. Şeýlelikde, Ybraýymdan Yshak doguldy, Ybraýym ony sekiz günlükkä sünnet etdi. Yshakdan Ýakup doguldy, ol hem sünnet edildi. Ýakupdan hersi bir tiräni emele getiren on iki ogul dünýä indi, olar hem sünnet edildiler. Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.
Выбор основного перевода