Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Gelip çykyş
Параллельные места
Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, suwlaryň ýüzüne serhet çekdi. Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim? Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin. Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim. Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy. Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri. Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz». Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar.
Выбор основного перевода