Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Gelip çykyş
Параллельные места
Gündiz Seniňki, gije Seniňki, Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň. Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär. Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär. Reb şeýle diýýär: «Gögüň alamatlaryndan gorkmaň, olardan diňe milletler gorkýandyr. Milletleriň ýolundan görelde almaň. Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin. Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner. Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.
Выбор основного перевода