Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!» Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Bu Ýaşur kitabynda ýazylgy dälmi eýsem? Hawa, Gün asmanyň ortasynda saklandy we uzynly gün diýen ýaly ýaşmaga howlukmady. Rebbiň adamzadyň sesini eşiden şol güni ýaly gün öňde-soňda hiç haçan bolmandy, çünki Reb ysraýyllar üçin söweşdi. Peýkamlary atyp, pytratdy ýagylaryny, Ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary. Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy. Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni. Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
Выбор основного перевода