Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady. Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýdi: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukudadyr, ony oýarmak gerekdir». Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar. Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady. Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok. Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler. Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr. Tarşyşdan – ýenjilen kümüş, Upazdan altyn getirilýär. Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar, gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara, barysy hem ökde hünärmentleriň işidir. Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur. Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Rebbi terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.
Выбор основного перевода